logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK-BAKY BAGTYMYZ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk-baky bagtymyz» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler her bir güni toý-baýrama beslenýän ýurdumyzda mizemez gymmatlygymyz hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzy ýagty geljege alyp barýandygyny, Bitaraplyk türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň, dünýägaraýşynyň, hoşniýetliginiň, beýanydygyny, parahat söýjülik, birek-birege sylag hormat goýmak hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleri ata-babalarymyzdan ruhy mirasdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplaryň ata–Watanymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlary we sazlary ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň berkararlygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.