logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BITARAPLYK-BAKY BAGTYŇ YKRARY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Bitaraplyk-baky bagtyň ykrary» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde hemişelik Bitaraplygyň gadyr-gymmaty bahasyzdyr, ol-ýyllar geçse-de ähmiýeti peselmeýän, hümmeti egsilmeýän gymmatlyk. Gaýta ýyl geçdigiçe, ýurduň ykbalyna nur bolup çaýylýan, ynsan kalbyny ýyladýan hemişelik Bitaraplygymyz aýdyň ertirlerimiziň, ýagty geljegimiziň çelgisine öwrüldi. Türkmeniň goşa ganatyna deňelýän hemişelik Bitaraplygyň 30 ýylynyň dowamynda ata Watanymyzyň ykbalyna ýetiren täsirleri, ösüşleri sanardan kän. Bu ýyllaryň içinde ýurdumyz parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde dünýä ýüzüne tanaldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda we dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýan parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri bu gün hemmeleri haýrana goýýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny belentden dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.