logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK-BAKY BERKARARLYGYŇ BINÝADY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Bitaraplyk-baky Berkararlygyň binýady» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi gadymy döwürlerden bäri dana hem merdana pederlerimiziň durmuşa, özbaşdaklyga bolan ynsanperwer garaýyşlaryndan gözbaş alyp gaýdýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu günki gün dünýäde dostlugyň, parahatçylygyň, birek-birege ynanmagyň, ynsanperwerligiň mekany saýylýan Türkmenistan Watanymyzyň Zemin içre abraýy, meşhurlygy has-da artýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.