logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK BUÝSANJYM, MILLI MIRASYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda «Bitaraplyk buýsanjym, milli mirasym» ady bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 30 ýyllygyna beslenýändigi, Bitaraplyk milli bähbitleri amala aşyrmagyň nusgasy bolmak bilen, ýurdumyzyň taryhy, geosyýasy, medeni ýörelgelerine laýyk gelýändigi barada söhbet etdiler.

Şeýle-de Bitaraplyk birek-birege hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň nusgasy bolup durýandygyny bellediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygy, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.