logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK, DOGANLYK-SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Bitaraplyk, doganlyk-saýlan aýdyň ýolumyz” ady bilen Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazgy edildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen eşretli eýýamda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan eýýamdygyny, täze taryhy zaman Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolýan zamanydygyny, türkmen halkynyň bu günki bagtyýar nesillerine Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurt binasy gaýym (berk) bolan berkarar döwletde, eşretli eýýamda ýaşamak, okamak, işlemek, gurmak, döretmek, päk zähmet bilen Watanymyza şan getirmek, oňa guwanmak we buýsanmak bagty nesip edenligi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ylym, bilim, medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler netijesinde kitaba, kitaphana berilýän üns has güýçlendirildi diýip, uly buýsanç bilen gürrüň edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.