logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK MEKANY, BAKY BAGTYŇ MUKAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk mekany, baky bagtyň mukamy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler şu ýyl döwletimiziň taryhyndaky möhüm şanly senä–hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilendigine 30 ýyl dolýandygyny uly buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de Bitaraplyk türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köprüdigini we ol milletiň bütin ruhy durmuşynyň yzygiderli ösüşiniň netijesidigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de gurnalan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem-de nusgawy ýazjy-şahyrlarymyzyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşýan talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda halkymyza bagtyýarlygy peşgeş edýän, ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.