logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK MEKANY-ZENAN BAGTYNYŇ MERTEBE MUKAMY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasy hem-de “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde “Bitaraplyk mekany-zenan bagtynyň mertebe mukamy” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gülleýän Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy uludan tutulýar. “Dünýäde BMG tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet–bu biziň ata Watanymyz–eziz Türkmenistandyr!” diýlen nurana, buýsançly sözler bu gün abadan halkymyzyň diliniň senasyna, ýürek owazyna öwrüldi diýip giňişleýin söhbet etdiler.

Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.