logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK PARAHAT DURMUŞYŇ GÖZBAŞY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda «Garaşsyzlygyň XV ýyllygy» seýilgähinde «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Bitaraplyk parahat durmuşyň gözbaşy» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahat söýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar diýip bellenilip geçildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de tutuş türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlanyldy.