logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY

Aşgabat şäher medeniýet müdirligiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Bitaraplyk parahatçylygyň aýdyň ýoly» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dünýä ýaň saljak dabaralar bilen bellenilip geçilmegi, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrýandygyny gürrüň berdiler. Şeýle-de dünýä giňişliginde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ähmiýetiniň örän ýokary bolan döwründe döwletimiziň daşary syýasatynyň binýadynda duran Bitaraplyk nusgalyk taglymyna öwrülendigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň okgunly ösmegi, bütin dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanmagy ugrynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.