logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ BERK BINÝADY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Bitaraplyk-parahatçylygyň berk binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde ösüşlerdir aýdyň maksatlary bilen dünýäde giňden tanalýan Bitarap Türkmenistan Watanymyzda syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler halkymyzyň agzybirliginiň, zähmetsöýerliginiň, ýurdumyzyň asudalygynyň datly miweleridigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de 2025-nji ýylda ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uly dabaralar bilen bellenilip geçilmegi zeminiň asuda durmuşynyň şanyna tutulan uly toý bolup, taryha altyn harplar bilen ýazyljakdygy barada hem belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy ösüşiň belent derejelerine ýetirýän, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.