logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ DAÝANJY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki Syýasatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk–parahatçylygyň daýanjy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler asyrlar boýy berkarar döwleti arzuwlap gelen türkmen halkynyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýuna uly taýýarlykly barýandygy we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän parahatçylyk başlangyçlary netijesinde, Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmündäki orny barha beýgelip, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanyp, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant-goşýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.