logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ WE EŞRETLI ÝAŞAÝŞYŇ KEPILI

BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ WE EŞRETLI ÝAŞAÝŞYŇ KEPILI

Lebap welaýat kitaphanasynyň «Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary wagyz edýän» bölüminiň gurnamagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyna bagyşlap «Bitaraplyk-parahatçylygyň we eşretli ýaşaýşyň kepili» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde ýurdumyzyň halkara abraýynyň, ornunyň ýokary galmagyna, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy we ruhy baýlygy, baý serişdeleri, önümçilik mümkinçilikleri, jemgyýeti demokrasiýalaşdyrmak, giň gerimli özgertmeler ýoly bilen aýgytly öňe barýan döwletiň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösüşi, gönüden-göni, oňaýly täsir edýär diýip çykyş edenler bellediler. Söhbetdeşligiň barşynda ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň ösüşi, ugrunda jan aýaman zähmet çekýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.