logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ ÝOLUDYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Bitaraplyk parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoludyr» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzda mizemez gymmatlygymyz we durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi hasaplanýan hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzy ýagty geljege alyp barýandygyny, Bitaraplyk halkymyzyň asylly häsiýetleriniň, milli aýratynlyklarynyň, däp-dessurlarynyň, dünýägaraýşynyň, hoşniýetliliginiň beýanydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Bitaraplyk türkmen döwletiniň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň arasyndaky özboluşly köprüdigini we ol milletiň bütin ruhy, durmuşynyň yzygiderli ösüşiniň netijesidigini buýsanç bilen belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýä ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy we asudalygy pugtalandyrmakda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.