logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK-PARAHATÇYLYK ÖSÜŞLERIŇ GÖZBAŞY

Paýhasly pederlerimiziň gursagynda umyt bolup körän, şuglaly ýyldyz bolup ak ýollara alyp gaýdan mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz halkymyza ösüşleriň altyn sahypasyny açdy. Garaşsyzlygymyzyň hem-de Bitaraplygymyzyň beren bagty alnyp barylýan belent maksatly işlerde taryhy senelerde, ýurdumyzyň ösüşlerinde aýdyň beýanyny tapýar. Toýlary –toýa ulaşýan eziz Diýarymyzda barha golaýlaşýan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýy mynasybetli geçirilýän çärelere, baýramçylyk dabaralaryna işjeňlik mahsus. Gadymy Lebaby toý lybasyna beslän baýramçylyk dabaralary medeniýet ojaklarynda has-da täsirliligi bilen tapawutlanýar. Şu gün hemişelik Bitaraplygymyzyň otuz ýyllyk şanly toýy mynasybetli Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ,,Bitaraplyk-parahatçylyk ösüşleriň gözbaşy” atly baýramçylyk serginiň açylyş dabarasy boldy. Milli mirasymyzy, amaly-haşam işlerini, nakgaşlaryň surat eserlerini, şeýle hem Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri teswirleýän sergi, oňa tomaşa edenlerde ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy. Olar öz gezeklerinde eşretli zamanany bagyş eden Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize ýüreklerinden joşup çykýan buýsançly sag bolsunlaryny beýan etdiler.


Uzukjemal Ýazjumaýewa

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy