logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BITARAPLYK, PARAHATLYK, DOSTLUK

BITARAPLYK, PARAHATLYK, DOSTLUK

Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi, Balkan welaýat kitaphanasy bilen bilelikde BMG-niň baş assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamasyndan ugur alyp «Bitaraplyk, parahatlyk, dostluk» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halkynyň beýik söz ussady Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň” diýip belleýşi ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen halkynyň ykbaly göterilip, başyna döwlet guşy gondy. Şol gün eziz Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýen beýik adyny bütin dünýäde ykrar etdi. 1995-nji ýylyň dekabrynda hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ata Watanymyzyň ýer ýüzündäki abraý-derejesi, şan-şöhraty barha artýar.

Bitaraplyk diňe bir ýurduň daşary syýasatyna däl, eýsem içeri syýasatynada oňyn täsir edýär. Biz parahatçylyk tugunyň astynda erkin dem alyp, asuda ýaşaýan halk. Ilimiz ýagty, aýdyň ertirlerimize ynançly garaýar. Bitaraplyk-bu asudalyk, şu güne buýsanç, ertire ynanç. Ol hemişelik Bitaraplygymyzyň şuglasydyr. Söhbetdeşlikde şular dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini, Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.