logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK ŞÖHRATYMYZ ŞANYMYZ

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 5-nji sungat mekdebi bilen bilelikde Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk şöhratymyz şanymyz” ady bilen aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi.

Eziz Watanymyz uly ösüşler şanly wakalar bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toý baýramlaryna beslenýär. Bu uly baýrama eltýän her pursat milletimiziň toý tutumlarynyň uludygyny görkezýär. Şu baýramly günlerde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 5-nji sungat mekdebiniň bagtyýar okuwçylary Bitaraplygymyzyň miwelerinden ruhlanyp buýsançly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyza beren ajaýyplyklary dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar halkymyzy batly gadamlar bilen uly ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.