logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK ŞÖHRATYMYZ–ŞANYMYZ

Gün-günden özgerýär, gül açýar Diýar,

Bitaraplyk hakynda aýdym aýdalyň!

Bedew bady bilen has öňe barýar,

Bitaraplyk hakynda aýdym aýdalyň!

Ine bu gün bolsa halkara Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestrynyň taýýarlamagynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda konsert geçirildi. Konsertde Türkmenistanyñ halk artisti, kompozitor Ç.Nurymowyň ajaýyp eserleri ýaňlandy. Dabara «Mukam» skripkaçylar toparynyñ ýerine ýetirmeginde, «Türkmenistan-gözel mekan», «Aşgabat» ýaly ajaýyp eserleriň ýaňlanmagynda açyldy.

Soñra bolsa, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyñ simfoniki orkestriniñ sazandarlyk etmeginde, A.Amadowyñ ýerine ýetirmeginde «Dessan» konserti, «Türkmeniñ Altyn asyry» bäsleşiginiñ ýeňijisi Aşir Aşirowyñ ýerine ýetirmeginde «Fortepiano we orkestr üçin konsertiñ 3-nji bölümi», simfoniki orkestriniñ sazandarlyk etmeginde Ý.Ataýewiñ ýerine ýetirmeginde «Armanym galdy», P.Bakyýew bilen Ç.Gutlýewanyň ýerine ýetirmeginde «Toý aýdymy», simfoniki orkestrine K.Bäşimowyñ drižýorlyk etmeginde «Baýramçylyk uwertýurasy» ýaly eserler ýañlandy.

Şeýlelik-de konsertiñ dowamynda M.Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyñ hor toparynyñ ýerine ýetirmeginde «Oýanmaz», «Näzlim uz maňa» ýaly mylaýym aýdymlar ýañlandy. Soňra «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Ý.Bahargüle söz berildi. Dabaraly konsert Konserwatoriýanyñ simfoniki orkestriniñ ýerine ýetirmeginde «Maru-Şahu jahan» atly 3-nji simfoniýa bilen jemlendi.

Konsert halypa kompozitoryñ aýdymdyr, simfoniki eserleri bilen örän gyzykly we dabaraly geçdi. Şunuñ konsertleri, aýdym-sazly dabaraly geçirmäge giñ mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ alyp barýan işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin!


Aýnur Nuryýewa

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» fakultetiniñ IV ýyl talyby