logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BITARAPLYK-TÜRKMEN PAÝHASY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Arkadag teleýaýlym bilen bilelikde gurnamagynda “Türkmenistanyň Bitaraplygy Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” “Bitaraplyk-türkmen paýhasy” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Täze eserde türkmen pelsepesiniň “Älem içre parahatlyk” diýen ýörelgesi öňe sürülýär. Bitaraplyk bu özüňi çetleşdirmek däl, eýsem dünýä halklary bilen dostlukly we deňhukukly gatnaşyklary gurmakdyr. Şeýlede taryhy köklere daýanmak Milli Liderimiz Bitaraplygyň köklerini Oguz han döwründen, Gorkut ata mirasymyzdan we Magtymguly Pyragynyň arzuw hyýallaryndan gözleýär. Türkmen halkynyň taryhy boýunça goňşular bilen ýaraşykly we dostlukly ýaşamak ýörelgesi Bitaraplygyň milli binýady hökmünde düşündirilýär “Dostuňy dost bileris, duşmanyňy hem dost” diýen ýaly pähimler bu bölümiň many mazmunyny baýlaşdyrýar. Geljege garaýyş Bitaraplyk statusynyň dünýäde parahatçylygy üpjün etmekde we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde nähili uly işleriň alnyp barylýandygy barada birnäçe düşündirişler belläp geçilýär. Kitapda Bitaraplygyň diňe bir halkara resminamasy däl, eýsem türkmen halkynyň asyrlardan gelýän parahatçylyk häsiýetiniň döwrebap beýanydygyny öwredýär.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda biz ýaşlara bagtyýar durmuşda işlemäge, döretmäge, ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.