logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BITARAPLYK WE PARAHATÇYLYK BAKY ABADANÇYLYK

Lebap welaýat kitaphanasynda bu medeni ojagyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda Lebap welaýatynyň Maliýa-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda «Bitaraplyk we parahatçylyk baky abadançylyk» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Şeýle-de kitaphana hünärmenleri tarapyndan «Galkynýar gül açýar Bitarap Watan» ady bilen kitap sergisi guraldy. Örän täsirli geçen söhbetdeşligiň dowamynda ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.