logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK ÝOLY–DÜNÝÄ NUSGALYK ÝÖRELGÄMIZ

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag teleýaýlymy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşligi bilen “Bitaraplyk ýoly–dünýä nusgalyk ýörelgämiz” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň ýubileý toýunyň toýlanjak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmak bilen bagly möhüm wezipeler kesgitlenilýär. Ýurdumyz halkara bileleşigiň jogapkärli agzasy hökmünde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, “Ösüş arkaly parahatçylyk”, “Dialog– parahatçylygyň kepili” diýen döwletli ýörel¬geler esasynda halkara gatnaşyklaryň ösüşine mynasyp goşant goşýar. Hemişelik Bitaraplygymyz sebitde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmekdäki geljegi uly bolan uzakmöhletleýin maksatnamalaryň rowaçlyklara beslenmeginde netijeli gurala öwrüldi. Ýurdumyz BMG bilen köp ugry öz içine alýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň gerimini yzygiderli giňeldýänligi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Bu günki gün halkymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň beren baky bagtyna guwanyp, bagtyýarlygyň, asudalygyň, eşretiň goýnunda ýaşaýar. Şeýle bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan, adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik tutumlara badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik başlangyçlary hemişe rowaç alsyn!