logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK–BAKY BAGTYŇ BINÝADY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk–baky bagtyň binýady» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler türkmen halkymyz Hemişelik Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuny uly dabara bilen belläp geçýändigini, gadymy hem nurana ýoly täze döwre görä dowam edýän halkymyz, gadymy ýörelgeleri bu günki gün döwre görä täze öwüşgüne eýe bolýandygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynda ata-babalarymyzyň adamzadyň şöhratly taryhyna ýazan durmuş hakykaty has-da şöhlelenýändigi barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerini dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.