logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BITARAPLYK–BAKY BAGTYŇ ŞUGLASY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, hem-de Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Bitaraplyk–baky bagtyň şuglasy» ady bilen geçirilýän tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik guraldy.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler:Halkara Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň toýlanýan şu günlerinde,ýurdumyzyň ähli künjekleriniň toýa beslenýändigini, bu toýa ähli medeniýet we sungat işgärleriniň,kitaphana ulgamynyň işgärleriniň zähmet sowgatlary bilen gelendiklerini nygtadylar.Soňra söhbetdeşlikde çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň dünýäde giňden dabaralanýandygyny aýdyp geçmek bilen,söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.