logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BIZ ERTEKILERDE MYHMANÇYLYKDA

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Biz ertekilerde myhmançylykda» ady bilen 74-nji çagalar bagynda çeper okaýyş geçirildi.

Türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ertekileri geljekki nesillerimizi aň we zehin taýdan terbiýelemekde, ruhy we edebi mirasymyza söýgi döretmekde uly ähmiýete eýe bolup, türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden çeper okaldy. Şeýle-de ýaş nesillerde kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak, olarda päklik, ahlaklylyk, edermenlik duýgularyny oýarmakda birnäçe kitaplaryň ornunyň uludygyny, aýratynam türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň häsiýetleriniň çaga terbiýesine uly täsir edýändigi barada gürrüň berildi.

Geçirilen çeper okaýyşyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.