Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Gökderedäki” “Demirýolçy” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Biz ertekileri okaýarys» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biri bolan ertekileriň çaga terbiýesine çuňňur täsir etmäge ukybynyň bardygyny, ata- babalarymyzyň türkmen halk ertekilerini özleriniň ýaşaýyş-durmuş we edep-terbiýe mekdebine ymykly ornaşdyrandyklary, ertekilerde adalat, hakykat hemişe dabaralanyp, erbet häsiýetli gahrymanlaryň soňynyň şowsuzlyklara barýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne daýanmak ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.