logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BIZ ERTEKILERI SURATLANDYRÝARYS

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 112-nji çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynda “Biz ertekileri suratlandyrýarys” atly ertekileriň gahrymanlaryna bagyşlap surat çekmek bäsleşigi boýunça söhbetdeşlik geçirdi. Körpeje çagalary terbiýelemekde ertekileriň has uly ähmiýeti bar. Hünärmen çagalara gyzykly gürrüň berip, erteki gahrymanlaryny suratlaryň üsti bilen tanyşdyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri “Akpamyk”, “Kör garga”, “Mämmetjan”, “Ejekejan”, “Böwenjik” atly ertekileri çagalara okap berdi. Çagalar öz halaýan ertekilerinden gahrymanlaryny häsiýeti boýunça uly höwes bilen surat çekdiler. 1-nji, 2-nji, 3-nji orun alan çagalar sowgatlar bilen höweslendirildiler.