logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BIZ HAÝSY ERTEKILERDEN

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Biz haýsy ertekilerden» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we sorag-jogap bäsleşigi geçirildi.

Çärede çykyş edenler tomusky dynç alyşa çykan çagalaryň wagtlaryny şatlykly-şagalaňly geçirmekleri üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladalary bilen ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan çagalaryň her bir gününiň, aýratyn hem tomusky dynç alyş möwsüminiň ýokary derejede geçmegini üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigi barada beýan etdiler. Şeýle-de bagtyýar çagalaryň göwünlerini galkyndyryjy şirin aýdym-sazlar we başga-da birnäçe medeni gurnaklar guralmagy, dynç alýan çagalarda ýakymly täsir galdyrandygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne daýanmak ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda asuda, parahat durmuşyň goýnunda erkana ýaşaýan körpelerimiz üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.