logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BIZ KITAPHANA BARÝARYS...

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna ýakynda ýörite çagalar üçin bilim merkezinde bilim alýan dürli ýaşdaky körpejeler gezelenje geldiler. Kitaphana hünärmenleri ýaşajyk kitapsöýüjileri güler ýüz bilen garşy alyp, kitaphanamyzda hereket edýän birnäçe bölümler bilen tanyşdyrdylar. Hem-de özleriniň ýaş aýratynlyklaryna kybap gelýän «Kiçi ýaşly okyjylara hyzmat etmek» bölüminiň golasty hazynasynda ýerleşdirilen söýgüli ertekileri we şol ertekileri döredýän awtorlaryň ömri we döredijiligi bilen gysgaça tanyşdyryldy. Gezelenje gelen körpeje myhmanlarymyz kitaphanamyza gelmek bilen, ruhy baýlyklaryň jemlenen medeni ojagynda kitap bilen dostlaşmak we kitaby saýlap almak barada kitaphana hünärmenleriniň beren maslahatlaryndan hoşal bolandyklaryny beýan etdiler.

Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşanlar özüniň many-mazmun baýlygy hem-de çeperçilik taýdan örän ýokary usullarda kitap neşir etmeklikde beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.