logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BIZ–GÖZEL WATANYŇ ELWAN GÜLLERI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Gökderedäki» «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Biz–gözel Watanyň elwan gülleri» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz–nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Bagtyýarlygyň bar ýerinde çagalaryň şatlyk-şowhuny has belentden ýaňlanýandygyny, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesilleriň oňaýly şertler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýändikleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileri iň gadymy görnüşleriniň biri bolup, ata-babalarymyzyň çaga terbiýesine çuňňur täsir etmäge ukybynyň bardygyny müňlerçe ýyl ozal akyl ýetirip, ony özleriniň ýaşaýyş-durmuş we edep-terbiýe mekdebine ymykly ornaşdyrandyklary, ertekilerde adalat, hakykat hemişe dabaralanyp, erbet häsiýetli gahrymanlaryň soňynyň şowsuzlyklara barýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çärede çykyş edenler çagalar durmuşymyzyň guwanjy bolan körpeleriň şatlygy hem-de bagtyýarlygy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.