logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BIZIŇ ILIŇ ŞAHYRYDYR, BU ŞAHYR

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli “Biziň iliň şahyrydyr, bu şahyr” atly duşuşyk.

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli “Biziň iliň şahyrydyr, bu şahyr” atly duşuşygyny geçirdi.

Kitaphana hünärmeni halkyň gözel şahyry G.Şagulyýewanyň manyly ömür ýoly we onuň döredijiligi barada täsirli gürrüňleri berdi. Şahyr watany söýmegiň, il-günüňe guwanmagyň, dynywsyz zähmet çekmegiň, ruhubelent ýaşamagyň, maksada okgunlulygyň, pespälligiň göreldesi. Ol ýyl ýazgylary altyn harplar bilen ýazylýan Watanymyzyň waspçysy, saýrak bilbili. Ol ýarym asyrdan gowrak wagt bäri türkmen edebiýatynyň keşigini gerdeninde göterip gelýän ussat. Şanly ýyllar, taryhy wakalar şahyr üçin egsilmez ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. “Ak gülleriň –ak ýolum”, “Göwün otyr aý içinde” atly ajaýyp şygyrlar diwanyny okanyňda, halypanyň edebiýat meýdanyna çyn söýgi bilen gelen şahyrlaryň biridigine nobatdaky gezek göz ýetirmek boýar. Ine bular dogrusynda kitaphana hünärmeniniň beren gyzykly gürrüňlerini talyp ýaşlar höwes bilen diňlediler. Gahryman şahyryň döredijiligine degişli neşir önümlerinden guran kitap sergimiz ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşan şahsyýetlere guwanmaga, buýsanmaga uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.