logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BIZIŇ KIÇIJEK DOSTLARYMYZ

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän 92-nji çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynda «Biziň kiçijek dostlarymyz» atly türkmen ýazyjylarynyň eserlerinden haýwanat dünýäsi boýunça söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda «Biziň kiçijek dostlarymyz» atly türkmen ýazyjylarynyň eserlerinden haýwanat dünýäsi boýunça çagalar ýazyjysy Maral Akyýewanyň «Syrly tebigata syýahat» ertekiler ýygyndysyndan «Garynja hem towşan», «Gezegen gurbaga», Akmyrat Abdyllaýewyň «Täsin erteki» kitabyndan «Alahekge», «Arylar» atly ertekilerinden çaga dilinde haýwanlar hakynda gürrüň berdi. Soňra körpe balalara olaryň bilýän haýwanlary hakynda sorag-jogap etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmen körpeleriň gowy görýän türkmen halk ertekisi «Jelulym Belulym» atly ertekini okap berdi. Körpeler erteki gahrymanlary suratlandyrmak, olary tanamak boýunça gürrüň etdi. Hünärmen söhbetdeşlikde ertekilerdäki ýagşy, erbet gylyk häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda dostluk-doganlyk gatnaşykly bolmagy, her bir ýerde çagalar bagynda, mekdebe baranlarynda hem birek-birege kömek etmegini, hiç wagt ýalan sözlemezligi dogruçyl bolmagy düşündirdi. Şu çärede kitaphananyň hünärmenleri söhbetdeşligiň ady boýunça gyzykly erteki kitaplardan sergi gurnady.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtly çagalaryň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.