logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BMG-NIŇ MASLAHATYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝAŞLAR FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde geçirilýän Ýaşlar forumynyň açylyşy boldy.

Forum BMG-a agza döwletleriň we BMG-niň guramalarynyň ýokary derejeli wekillerini, şeýle hem Ýaşlar geňeş toparynyň agzalaryny we beýleki ýaş aktiwistleri öz içine alýan ýaş wekilleri bir ýere jemleýär.

Forumyň esasy maksatlary, ýaşlary LLDC üçin täze Hereket Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Durnukly Ösüş Maksatlaryna (SDG) ýetmek üçin tejribe alyşmak we deňsiz-taýsyz ýurtlaryň sosial-ykdysady ösüşine gönükdirilen çözgütleri we başlangyçlary işläp düzmekdir.