logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BOLÝAR ŞEÝLE HEZILLIK, BAHAR GELSE ILIME!

Ýurdumyzda Milli bahar baýramy – Nowruz baýramy 1991-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär. Nowruz pars sözi bolup, “now” täze “ruz” gün, ýagny, “Täze ýyl” ýa-da “Täze gün” diýen manyny aňladýar. Nowruzda taýýarlanýan esasy tagamlaryň biri bolsa semenidir.

Öň Nowruz baýramyny musulman ýurtlary milli baýram hökmünde giňden belläpdirler. Şu günem paýtagtymyzda ýerleşýän 63-nji orta mekdepde dabaraly ýagdaýda Nowruz baýramyna bagyşlap açyk gapylar güni geçirildi. Bu çärä Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri hem şäherimiziň mekdep mugallymlary gatnaşdylar. Bu baýramçylykda saçaklar giňden ýazylyp, dürli dümen tagamlar taýýarlanylyp, myhmanlar saçak başyna çagyryldy. Mekdep okuwçylary öz gezeginde uly höwes bilen çykyş etdiler, läle kakyp, küşt depip, aýdymdyr sazlary ýerine ýetirdiler. Ýakyn-ýat bilen dost-dogan bolup gatnaşmak bolsa, biziň halkymyzyň esasy ýörelgeleriniň biridir.

Çäräniň ahyrynda Bagtyýarlyk baharyny peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.