logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2026-njy ýylyň iýul aýynyň dowamynda ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň degişli ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň gatnaşmaklarynda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň bellenilen tertipde ylalaşylan sanawyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň guramagynda, Özbegistan Respublikasynyň syýahatçylyk pudagyndaky ösüşleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen brifing geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de ýurdumyzyň syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda syýahatçylyk babatdaky gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrmak iki ýurda gezelenç etmek isleýän syýahatçylaryň sanyny artdyrmak barada söhbet edildi. Şonuň ýaly-da Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi Ilçihana tarapyndan Özbegistan Respublikasyna gitmek isleýän syýahatçylar üçin wizalary resmileşdirmekde, ilçihananyň işgärleriniň resminamalary kabul edişinde, bilelikdäki syýahatçylyk bukjalaryny döretmekde duşuşyga gatnaşyjylardan tekliplerini we maslahatlaryny sorady. Şeýle-de Ilçi öz çykyşynda Hywa-Köneürgenç-Aşgabat-Mary-Türkmenabat-Buhara ugurlary boýunça bilelikdäki bukjalary döretmegi teklip etdi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi syýahatçylyk kärhanalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Türkmen tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherindäki Halkara Ýüpek ýoly uniwersitetiniň binýadynda ýurdumyzyň syýahatçylyk ugrundan bilim berýän okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary üçin tejribe we hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň guralmagy teklip edildi.