logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BRIFING WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde Halk Maslahatynyň many-mazmunyny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen «Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly brifing duşuşyk geçirildi. Gepleşige «Aşgabat» teleýaýlymynyň gepleşikleri taýýarlaýjysy we gurnaýjysy Guwanç Çaryýarow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri Hoşgeldi Annageldiýew, Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Osman Aşyrow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Nurgözel Saparowa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Suraý Güljanowa dagylar gatnaşdylar.