logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BU GÜN TOÝ DONUNA BESLENIP DIÝAR, ŞANLY BITARAPLYK TOÝUN TOÝLAÝAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bu gün toý donuna beslenip Diýar, şanly Bitaraplyk toýun toýlaýar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Bitaraplyk–ösüşiň täze belentliklerine barýan röwşen ýolumyzda ruhlandyryjy güýç, syýasy gymmatlygymyzdygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine uly itergi berýändigi barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.