Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýetde we sungatda belent sepgitlere ýetilýär.
Aýdym-saz sungatyna söýgi döretmek , olary kämilleşdirmek we ösüp gelýän ýäş nesillere ýetirmek ugrunda ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramçylygy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly bäsleşigine mekdebiň Ruhubelent çagalar hor topary bu çärä uly höwes bilen gatnaşdylar. Ýaňy ýakynda Ak şäherimiz Aşgabatda ýerleşýän Garaşsyzlyk seýilgähinde ýaş aýdymçy okuwçylarymyz Rahman Şöhradowyň we Mähriban Berdiýewa, Aşgabat teleýaýlymynyň çagalaryň döredijilik gepleşiginde mekdebiň mugallymy Tirkiş Hajyýewiň ýolbaşçylygynda şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän “Aşgabat”, “Garaşsyz hem Bitarap bu Döwletli Diýarym”, “Türkmenistan” aýdymlary bilen ýazgy geçirdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklere tarap okgunly barýan Watanymyzyň ösüşleri baky bolsun. Milli gymmatlyklarymyzy sarpalap, ony wagyz etmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun.