logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Bu köňül

Meni şeýda eýleýen bu köňüldir, bu köňül,

Har – u – ryswa eýleýen bu köňüldir, bu köňül.

Bagyşlaýyn jigerimi gara gaşlylar üçin,

Ýa-da çäksiz eýleýen bu köňüldir, bu köňül.

«Söýer» diýip ýazgarma, däldir meniň erkimde,

Ol islegi eýleýen bu köňüldir, bu köňül.

Mahal-mahal işigne sary barma diýrler, nädeýin,

Ony talap eýleýen bu köňüldir, bu köňül.

Saçlaň tary höwesinde bu garaňky gijede,

Jany söwda eýleýen bu köňüldir, bu köňül.

Dost-duşmanyň arasynda meni hemişe gapyl,

Bir biçäre eýleýen bu köňüldir, bu köňül.

Eý, Lutfi, özgelerden görme gözüň ýaşyny,

Göýä derýa eýleýen bu köňüldir, bu köňül.

«HA YNAN, HA YNANMA»

Sen-sen söýenim, ha ynan, ha ynanma,

Gandyr jigerim, ha ynan, ha ynanma.

Hijran gijesi çarhy pelege ýeter, eý mah,

Nurly säherim, ha ynan, ha ynanma.

Müň gowga düşse-de başyma, yşkyňdan

Ýokdur giderim, ha ynan, ha ynanma.

Gözleriň yşk kölüne käteler nazar salsam,

Galmaz azarym, ha ynan, ha ynanma.

Ýakup kimin köp ýygтanyň galmady sensiz,

Nury didäm, ha ynan, ha ynanma.

Aý ýüzüňe garasak özge kişiler bile,

Düşer nazarym, ha ynan, ha ynanma.

Yşk odunda Lutfiň ýüzi çyragyny gizledi,

Eý dünýe barym, ha ynan, ha ynanma.

Möwlana Lutfi

(Terjime eden: A. Rejepow)