22-nji noýabrda Paýtagtymyzda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen çäre geçirildi. Halkara ähmiýetli çäräniň dowamynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilmegi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, dünýäniň ösen tejribesiniň özleşdirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ynsanperwer ýörelgeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Munuň özi Bütindünýä çagalar güni mynasybetli geçirilen çärede-de öz beýanyny tapdy. Çärä gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi bilen tanyşdylar. Gözden geçirilişde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliklerine degişli bölümlere aýratyn orun berildi. Bu ýerde häzirki döwürde ýurdumyzda degişli ugurlarda ýetilen sepgitler, gazanylýan üstünlikler, ministrlikleriň tagallalary bilen amala aşyrylýan işler baradaky maglumatlar barada düşünje almaga mümkinçilik döredi.
Soňra Bütindünýä çagalar güni mynasybetli geçirilýän çäre öz işine başlady. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda çagalar baradaky ählitaraplaýyn alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Şu günki çäräniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilýändigini aýdyp, O.Atabaýewa bu iki düzümiň esasy maksadynyň çagalaryň saglygyny goramakdan, olaryň bilim almaklaryna ýardam bermekden, durmuş üpjünçiligi meseleleri boýunça degişli işleri amala aşyrmakdan ybaratdygyny nygtady.
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti çagalar üçin hemmetaraplaýyn goldawy öz içine alýan geljegi döretmegiň ähmiýeti barada pikir alyşmak we Bütindünýä çagalar gününi dabaralandyrmak maksady bilen ýörite çäräniň guralandygyny belledi. Ol her ýylyň noýabrynda Bütindünýä çagalar gününiň bellenilýändigini aýdyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň çagalaryň hukugy baradaky Jarnamany, Çagalaryň hukuklary hakynda Konwensiýany kabul etmeginiň Milletler Bileleşigi tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesiller barada uly alada edilýändigini alamatlandyrýandygyna ünsi çekdi. O.Atabaýewa çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşine goldaw bermegiň ýurdumyzyň nurana geljegine mynasyp goşantdygyny aýdyp, ýaş nesillere goldaw bermegiň Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň esasy ugruna öwrülendigini, şunda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň goldawlarynyň ynsanperwer ýörelgeleri ilerletmäge oňyn täsirini ýetirýändigini nygtady.
«Türkmenistan» gazeti