logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI MYNASYBETLI «SAGDYNLYK RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞYDYR» ATLY SERGI

BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI MYNASYBETLI «SAGDYNLYK RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞYDYR» ATLY SERGI

Türkmen halky bu günki gün beýik Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň saýasynda asuda asmanyň, parahat zeminiň üstünde ýaşaýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň Watany hasaplanylýan ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda alnyp barylýan işler günsaýyn ýokary belentliklere we rowaçlyklara beslenýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzda sagdyn durmuşy berkitmek üçin sportyň ähli görnüşlerini, saglygy goraýyş ulgamlaryny dünýä derejesine çykarylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu gün Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Sagdynlyk ruhubelentligiň gözbaşydyr» atly sergi guraldy. Tutuş süňňünden ruhubelentlik, sagdyn ýaşaýyş-durmuş eriş-argaç bolup geçýän bu sergini synlan her bir tomaşaçynyň ýurdumyzyň sagdyn durmuş ýörelgesi, saglyk ýörişleri, sport ýaryşlary, ýaşlaryň sagdyn ruhy, ruhubelent, maksada okgunly, giň dünýägaraýyşlylygy barada giňişleýin düşünje almaga doly mümkinçiligi bolar. .