Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk dillerimiziň dessany- bedew batly Türkmenistan arzuwlaryň mekany» atly çäre geçirildi.
Çärede “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň bedew batly ösüşlere, özgerişlere beslenýändigi hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýäde bedew bady bilen ösýän ýurt hökmünde giňden tanalýandygy barada buýsançly çykyşlar etdiler.
Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.