Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň guramagynda ýakynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Bagtyýar çagalyk” gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Halkara hyzmatdaşlykda dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalanýar” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen halkara çäreler we duşuşyklar, durnukly ösüşiň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň hem-de dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygyna aýdyň subutnamadyr. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem-de Hazar ekologiýa sammiti sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejelere çykýandygynyň aýdyň beýany bolup durýandygy barada buýsançly gürrüňler edildi.