logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Çaga durmuşyň bezegi

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja bagynyň bilelikde guramagynda “Çaga durmuşyň bezegi” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çaganyň terbiýeli bolup ýetişmegine has irki ýaşlardan üns bermek möhümdir. Körpelerde gowy gylyk-häsiýetleriň kemala gelmeginde kitaplaryň, oýunlaryň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Çagalar kiçiliginden erteki diňlemäge höwesli bolýarlar. Ata-eneler, terbiýeçiler çaganyň bu islegini nazarda tutup, oňa terbiýe, öwüt-ündew beriji ertekileri okap bermelidir. Olar entek köp zada düşünmesede, ertekide beýan edilýän wakalary ýadynda saklaýarlar. Çagalar üçin kitap saýlanyp alnanda, olaryň suratlar bilen bezelişiniň aýratyn ähmiýeti bar, sebäbi çaga eline kitap alanda, ilki bilen, onuň içindäki suratlara seredýär. Şol şekiller çaganyň ünsüni özüne çekýär we kitaby okamaga bolan gyzyklanmasy, höwesi artýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdyldy.