logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÇAGA-DURMUŞYŇ GÜLI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir hünärmenleriniň gatnaşmagynda çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap «Çaga-durmuşyň güli» ady bilen «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde «Türkmenistan» teleýaýlymynyň gatnaşmagynda gürrüňdeşlik gezelenji geçirildi.

«Bal süýji, baldan-da bala» diýen peder pähiminde halkymyzyň ynsan durmuşynyň gül-gunçalary saýylýan çagalara söýgüsi şöhlelenýär. Baldan süýji balalaryň şatlyga we bagtyýarlyga beslenen gülki seslerini eşideniňde göwün argynlygyň unudylyp, köňlüň ýazlaýar. Hakykatdan hem, ýaşaýşa bolan höwesi döredýän, durmuşyň özenini düzýän, öýlerimiziň «altyn aşygy» saýylýan, ýüzleri nurana mähriban çagalar biziň ýagty geljegimiz, Watanymyzy gülledip ösdürjek, at-abraýyny ýokary galdyrjak ýaş nesillerimizdir. Her ýylyň 1-nji iýunynda tutuş dünýä bileleşigi bilen birlikde ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni ýokary derejede bellenilýär. Bu baýramyň ýurdumyzda döwlet tarapyndan giňden bellenilýän baýramçylyklaryň sanawyna goşulmagy bolsa, halkymyzyň körpelere bolan söýgüsiniň näderejede beýikligini görkezýär.

Mahlasy, çaga-durmuşyň güli, ýaşaýşyň özeni. Goý, asuda zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň nowça gülleri bolan eziz çagalaryň gülki sesleri, şat owazlary hemişe belentden ýaňlanyp dursun! Munuň üçin ähli şertler-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli tutýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!