Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 61-nji çagalar bakja-bagynda körpeler bilen, “Çaga – durmuşyň güli” atly söhbetdeşlik geçirdiler. Körpelere çagalara niýetlenen ertekiler, tapmaçalar, nakyllar, ýaňyltmaçlar aýdylyp, täsirli gürrüňler berildi. Birnäçe ertekili kitaplar, tapmaçalar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri bilen çagalaryň arasynda labyzly okalan ertekilerden, tapmaçalardan sowal-jogap alşyldy. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylym-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.