logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«ÇAGA HYÝALY–JADYLY GALAM» ATLY BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJISI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiren “Çaga hyýaly–jadyly galam” atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň 4-nji “A” synp okuwçysy Alihan Kuwwatberdiýewi mekdebiň müdiri, mugallymlary hem-de okuwçylary dabaraly ýagdaýda gutladylar. Geljekde-de şeýle bäsleşiklere gatnaşyp ýeňiş gazanmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Hormat haty hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar.

Dabaranyň ahyrynda ýaş nesilleriň döwrebap bilim alyp, ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmegine giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.