Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy “Çaga kalbynyň owazy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesillere kitabyň gymmaty we adamlaryň durmuşynda tutýan orny barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de bagtyýar körpelerimiz durmuşymyzyň parahatçylygyny, asudalygyny wasp edýän aýdymdyr goşgulary aýtdylar. Bagtyýarlyga beslenýän häzirki döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde, geljegimiz bolan körpeleriň bagtyýar durmuşda gülüp-oýnap ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Bu işleriň netijesinde biz her bir ojakda bagtyýar çagalaryň bagtdan joşýan kalplarynyň owazynyň-şadyýan gülküleriniň şaýady bolýarys. Bu biziň her birimizi guwandyrýar. Şeýle ajaýyp durmuşyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.