logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Çaga kalbynyň owazy

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda “Çaga kalbynyň owazy” atly aýdym-sazly ýazgy geçirildi. Ýazgyda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Mylly Täçmyradow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary çykyş etdiler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny äleme ýaýmakda nusgalyk işleri amala aşyrýar.
Çagalyk ömrümiziň iň arassa, iň röwşen we aladasyz döwri. Körpelerimiziň nepesinde päklik, gözlerinde bolsa geljege bolan uly umyt bar. Şu ajaýyp we päkize duýgular “Çaga kalbynyň owazy” atly aýdym-sazly dabarada belentden ýaňlandy. Çagalar bütin dünýäniň bezegi, durmuşymyzyň manysydyr. Olaryň kalbyndan çykan joşgunly aýdymlarda Watana bolan söýgüsi, Berkarar zamanyň wasp edilmegi esasy orny eýeleýär.
Çagalaryň sungata bolan söýgisini artdyrmak, olaryň zehinini ýüze çykarmak we olara bagtyýar çagalygy bagyş etmek biziň baş maksadymyzdyr. Çaga kalbynyň owazy mydama belentden ýaňlansyn, ýaşajyk ýürekleriň şatlygy hem-de gülküsi ömrümizi hemişe bezesin!
Aýdym-sazly ýazga gatnaşyjylar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.