Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bagtyýar ýaş nesilleriň tebigy zehinleriniň ýüze çykmagynda taýsyz tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde çagalar bakja-baglary, döwrebap mekdepler, çagalar çeperçilik hem sungat mekdepleri gurlup ulanmaga berilýär. Olaryň ählisi ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa ýaş nesillerimiz hakynda edilýän bimöçber aladalardan nyşandyr. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda , Arkadag şäherinde ýerleşýän Märkaw myhmanhanasynda Aşgabat şäheriniň 5-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik hem-de aýdym-sazly çäre geçirildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.