logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÇAGA – NESIL DOWAMATY

2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Çaga – nesil dowamaty» atly sergi guraldy. Sergide XIX–XX asyrlara degişli bolan muzeýiň gaznasynda saklanylýan çaga bezeg şaýlary, taryhy fotosuratlar, milli çaga egin-eşikleri, çaga oýnawaçlary, aşyk we aşyk torbalary, horjunjyklary görkezildi. Bulardan başga-da gyz we oglan çagajyklara niýetlenip sünnälenip örän inçeden nepis keşdelenen başgaplar, tahýalar, çaga donlary, begres dony, kürtekçeler, ezýaka köýnekler, agar çäkmen we aýakgaplar görkezilýär. Eneleriň mähir-yhlasy siňen gadymy çaga köýnekleri, tahýalar hem-de donjagazlar reňkleriň özboluşly dünýäsini emele getirýär. Çaga egin-eşiklerini bezemek we göz-dilden goramak maksady bilen, ok-ýaý, bäzbent, goçbuýnuz, ýelpewaç, ýazma, eginlik, aýak bukow, burma ýaly çaga şaýlary hem sergide ýerleşdirildi. Bu milli gymmatlyklar türkmen halkynyň durmuşynda çaganyň ornuny, çaga lybaslarynyň we milli esbaplarynyň köpdürlüligini görkezýär.