logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÇAGA TERBIÝESI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag şäheriniň 6-njy çagalar bakja–bagynyň gurnamagynda “Çaga terbiýesi” atly gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa, çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ilkinji bilim-terbiýäniň ojagy hasaplanylýan mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap körpelere döwrebap terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe bermek ugrunda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli zerur şertleri döredip berýär. Şeýle mümkinçilikler biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hem döredilen. Bu ýerde çagalar bilen alyp barylýan bilim-terbiýeçilik işleri, millilik ýörelgelerimize esaslanyp guralýar. Şeýle hem çagalara bilim-terbiýe bermekde kitaplaryň ähmiýeti örän uludyr. Owadan suratlar bilen bezelen kitaplar çagalaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Kitaphanamyza gelýän körpelerimize kitaplardaky goşgulary, hekaýalary, ertekileri türkmen we rus dillerinde okap berýäris hem-de olaryň many-mazmunyny giňişleýin düşündirýäris.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda parahat ýurdumyzda bagtyýar nesliň erkana ösmegi, bilimli-sowatly, aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn kemala gelmegi üçin ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!